APL. Salah bir toparda iň netijeli oýunçy boldy
«Liwerpul» Angliýanyň Premýer-ligasynyň 16-njy tapgyrynda «Braýton» toparyny Ugo Ekitikeniň dublynyň hasabyna 2:0 hasabynda ýeňdi.
Müsürli hüjümçi Muhammed Salah bu duşuşykda asist berdi.
• Indi müsürli futbolçy premýer-ligada «Liwerpulyň» düzüminde 277 gola (188 gol, 89 asist) gatnaşdy. Bu netije bu ýaryşda bir klubyň düzüminde çykyş eden oýunçylaryň arasynda rekorddyr.
• Salah Ueýn Runiniň netijesinden («Mançester Ýunaýtediň» düzüminde 276 netijeli hereket– 183 gol, 93 asist) geçdi.

Bellenmeli zat, müsürli oýunçy üçin bu duşuşyk mersisaýd kluby üçin iň soňky bolmagy mümkin, sebäbi ol Afrika milletler kubogyna gidýär. Tälimçi we ýolbaşçylar bilen bolan dartgynlylyk sebäpli, Muhammed Salah uly ähtimallyk bilen ýanwar aýynda "Enfild" stadionyny terk edip biler.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
