TÝB - 2025. Ýaşlar birinjiliginiň möwsümi tamamlandy
Şu gün, 14-nji dekabrda, Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň soňky, 28-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.
Bu tapgyrda «Arkadag II» topary «Nebitçi II» toparyny 5:0 hasabynda ynamly ýeňip, ýaşlar birinjiligini jemi 71 utuk bilen tamamlady. «Arkadag II» yzygiderli ikinji gezek çempionlyk adyny eýeledi.

«Altyn Asyr II» we «Ahal II» toparlary hem soňky tapgyry ýeňiş bilen jemlediler. «Altyn Asyr II» topary «Merw II» toparyny 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden bolsa, «Ahal II» öz meýdanynda «Aşgabat II» toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda «Şagadam II» topary «Köpetdag II» toparyndan 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.
Duşuşyklaryň netijeleri (14.12.2025)
«Arkadag II» 5:0 «Nebitçi II»
• Gollar: 7 Saparmyrat Annadurdyýew, 12, 82, 88 Süleýmannazar Gowşudow, 83 Eduard Sarkisýan (ählisi «Arkadag II»)
• Duýduryşlar: 64 Saparmyrat Annadurdyýew, 72 Ýunus Annasähedow («Arkadag II») – 72 Elýas Annasähedow («Nebitçi II»)
• Geçirilen ýeri: "Sport desga" (Ahal wel. Gökdepe etr. Babarap geňeşligi)
«Altyn Asyr II» 4:0 «Merw II»
• Gollar: 12 Meýlis Gurbandurdyýew, 17 Muhammetoraz Agaýew, 60, 80 Hojanazar Gurbanow (ählisi «Altyn Asyr II»)
• Duýduryşlar: 61 Didar Tejenow («Altyn Asyr II») – 61 Parahat Orazmuhammedow («Merw II»)
• Geçirilen ýeri: "Sport toplumy" (Aşgabat ş. Büzmeýin etr. )
«Ahal II» 3:1 «Aşgabat II»
• Gollar: 20 Batyrmuhammet Annaýew, 43 Muhammedaly Nasyrow, 44 Enwer Annaýew («Ahal II») – 66 Hemra Klyçew («Aşgabat II»)
• Duýduryş: 14 Orazgylyç Urazow («Aşgabat II»)
• Geçirilýän ýeri: "Aşgabat" st. (Aşgabat ş.)
«Şagadam II» 0:1 «Köpetdag II»
• Gol: 82 Allamyrat Toýmyradow («Köpetdag II»)
• Duýduryşlar: 33 Gurbanguly Garaýew, 45 Süleýman Galpakow, 90+4 Amangeldi Garaýew («Şagadam II») – 47 Galabeg Jumamyradow, 67 Jumamyrat Jumaýew, 80 Mämmedaly Mämmetgulyýew, 87 Ahmet Sapardyýew («Köpetdag II»)
• Geçirilen ýeri: "Şagadam" st. (Türkmenbaşy ş.)

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)

