Transfer. Upamekanonyň "Real Madride" geçmegine bir ädim galdy

Mýunheniň «Bawariýa» klubynyň merkezi goragçysy Daýo Upamekano, Madridiň «Real Madrid» klubyna geçmäge bir ädim galdy.

Bu barada "Footmercato" neşiriniň žurnalisti Santi Auna özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

Çeşmäniň maglumatyna görä, «Real Madridiň» ýolbaşçylary fransuz futbolçysynyň wekilleri bilen eýýäm ylalaşyk gazanypdyr. Madridliler oýunçynyň tarapyna, Upamekanonyň teklip eden ähli şertlerini kabul etmäge taýýardyklaryny we gepleşikleri uzaltmak islemeýändiklerini mälim edipdirler.

27 ýaşly goragçynyň «Bawariýa» bilen baglaşan häzirki şertnamasy indiki ýylyň tomsuna çenli dowam edýär, şondan soň ol erkin agent hökmünde klubdan gidip biler. Muňa garamazdan, Mýunhen kluby oýunçyny şertnamasyny uzaltmaga we ony düzüminde saklamaga yrmak synanyşyklaryny dowam etdirýär.

Upamekano şu möwsümde ähli ýaryşlarda 20 duşuşyga gatnaşdy, bir gol geçirdi we nemes grandynyň goragynda esasy oýunçy bolmagynda galýar. "Transfermarkt" portalynyň maglumatlaryna görä, fransuz goragçysynyň bazar gymmaty 60 million ýewro diýlip kesgitlenýär.