Serie A. "Ýuwentusy" satyn almak üçin €1,1 mlrd teklip
Kriptowalýuta bilen meşgullanýan "Tether" kompaniýasy Italiýanyň «Ýuwentus» klubynyň kontrollyk ediji paýnamalar bukjasyny satyn almak üçin resmi teklip bilen ýüzlendi, diýip "GOAL" habar berýär.

• Ylalaşyk €1,1 milliard möçberinde bahalandyrylýar: kompaniýa Agnelli maşgalasyna degişli bolan "Exor: holdinginiň paýnamalarynyň 65,4%-ni bir paýnamany €2,66 bahasyna satyn almakçy we galan paýnamalar üçin hem edil şol bahadan köpçülikleýin teklip (oferta) başlamakçy.
"Tether" «Ýuwentusa» 2025-nji ýylyň fewral aýynda maýa goýum goýup başlady, ilki az sanly paýnamany satyn aldy, soňra paýyny 10,12%-e çenli we ses bermek hukugyny 6,18%-den gowragyna ýetirdi. Noýabr aýynda kompaniýanyň wekili Paolo Garino klubyň direktorlar geňeşine bellenildi.
"Tetheriň" baş direktory we «Ýuwentusyň» köpýyllyk muşdagy Paolo Ardoino klubyň ösüşine €1 milliard maýa goýum goýmaga we onuň uzak möhletli strategiýasyny goldamaga taýýardygyny mälim etdi.
Kompaniýa «Ýuwentusy» uzak möhletli taslama hökmünde görýändigini, sport netijelerini goldamagy we kluby maddy durnuklylyk bilen ösdürmegi maksat edinýändigini aýdýar.
Mümkin bolan bu satyn alyşyň arkasynda klub çempionatda kynçylyklar çekýär: A seriýanyň 14 tapgyryndan soň «Ýuwentus» 23 utuk bilen ýedinji orny eýeleýär, liderlerden yza galýar we Çempionlar ligasynyň zolagynyň daşynda ýerleşýär. Ýakyn tapgyrda topar yza gaýdyşlygy duruzmak we formany dikeltmek üçin myhmançylykda «Bolonýa» bilen oýnar.
"Tetheriň» ylalaşygy "Exoryň" razylygyna, ähli kanuny proseduralaryň ýerine ýetirilmegine we zerur kadalaşdyryjy ylalaşyklaryň alynmagyna bagly bolar.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
