APL. Noýabr aýynyň iň gowy oýunçysy we tälimçisi yglan edildi
Angliýanyň Premýer-ligasy (APL) noýabr aýynyň netijeleri boýunça iň gowy oýunçy we tälimçi üçin ses berlişigiň netijelerini yglan etdi. Baýraklar iki klubyň – «Brentfordyň» we «Çelsiniň» wekillerine gowşuryldy.
«Brentfordyň» braziliýaly hüjümçisi Igor Tiýago aýyň iň gowy futbolçysy boldy. Hüjümçiniň hasabynda toparynyň noýabr aýynda geçiren ýedi golunyň bäşisi bar. Bellenmeli zat, Tiýago bu baýragy alan «Brentfordyň» taryhynda dördünji oýunçy boldy.
Tiýago şeýle diýdi: "Bu meniň üçin örän uly ähmiýete eýe. Bu baýraga mynasyp bolandygyma örän şat, sebäbi bu meýdandaky yhlasly işimiň netijesini berendigini aňladýar. Umyt edýärin, bu möwsümde men şeýle baýraklaryň has köpüsini alaryn. Men örän bagtly we özüm üçin buýsanýaryn."

«Çelsiniň» baş tälimçisi Entso Mareska APL-de noýabr aýynyň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi. Italýan hünärmeniň ýolbaşçylygyndaky "gökler" bu aýda ajaýyp netije görkezip, üç ýeňiş gazandylar we bir gezek deňme-deň oýnadylar. «Çelsi» jemi 10 utuk toplap, Premýer-liganyň ähli toparlarynyň arasynda noýabr aýynda iň gowy netijäni görkezdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
