Serie A. Noýabr aýynyň iň gowy tälimçisi we oýunçysy yglan edildi
«Milan» toparynyň baş tälimçisi Massimiliano Allegri A seriýada noýabr aýynyň "Aýyň tälimçisi" baýragyny aldy. Bu baýrak oňa 14-nji dekabrda (ýekşenbe) güni Milandaky "Juseppe Meatssa" stadionynda geçiriljek duşuşykdan öňki dabarada gowşurylar.
A seriýada bu baýrak berilende, 2025/2026-njy möwsüminiň 10-njy tapgyryndan 13-nji tapgyryna çenli aralykdaky duşuşyklar göz öňünde tutuldy. Baýrak sport mediasynyň direktorlaryndan ybarat bolan eminler topary tarapyndan berildi.
«A seriýanyň» baş direktory Luiji De Sierwo şeýle diýdi: "Noýabr aýynda «Milan» dört oýunda 10 utuk toplady we ýeňen üç duşuşygynda öz derwezesini golsuz saklady. Allеgri öz elindäki oýunçylaryň mümkinçiliklerini doly açmagy başardy, oýnuň gidişini okap bilýän gowy gurnalan topary döretdi."
Ýer gelende bellesek, Massimiliano Allegri bu möwsümde eýýäm bir gezek, sentýabr aýynda hem "Aýyň tälimçisi" baýragyny alypdy.

«Kremoneze» toparynyň hüjümçisi Jeými Wardi bolsa A seriýada noýabr aýynyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi. 38 ýaşly hüjümçi bu baýragy 2019-njy ýylda döredileninden bäri alan ilkinji iňlis oýunçysy boldy.
Wardi ses bermekde «Milanyň» derwezeçisi Maýk Menýan-dan, «Interiň» kapitany Lautaro Martines-den, «Napoliniň» oýunçysy Dawid Neres-den, «Romanyň» oýunçysy Niko Dzaniolo-dan we «Jenoanyň» oýunçysy Leo Ostigard-dan öňe geçdi.
Iňlis hüjümçisi geçen aýda «Kremonezeniň» ähli dört duşuşygynda hem çalşylmazdan oýnady we kluba alty utuk gazanmaga kömek etdi.
• Ol iň gowy oýnuny «Bolonýa» garşy 3:1 hasabynda ýeňiş gazanylan duşuşykda görkezdi, şonda iki gol geçirip, «Kremoneza»- möwsümdäki üçünji myhmançylykdaky ýeňşini üpjün etdi.
Wardi bu möwsümde «Kremonezeniň» düzüminde A seriýada gol geçiren iň ýaşuly oýunçy, şeýle hem klubyň düzüminde bu bäsleşikde gol geçiren ilkinji iňlis boldy.
Şeýle hem, Jeými 38 ýaşdan soň A seriýada azyndan üç gol geçiren ikinji oýunçy boldy. Ondan öň diňe Janfranko Dzola 2004/05-nji möwsümde «Kalýariniň» düzüminde dokuz gol geçiripdi.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)
