UCL. Mbappe 9 gol bilen iň gowy bombardir

Çempionlar ligasynyň altynjy tapgyry tamamlandy we umumy tapgyrda çykyş edýän ähli toparlar öz duşuşyklaryny geçirdiler. Bu duşuşyklaryň netijeleri boýunça ýaryşyň iň netijeli bombardirleri hem belli boldy.

Häzirki wagtda Çempionlar ligasynyň iň netijeli futbolçysy Kilian Mbappe boldy. «Real Madridiň» hüjümçisiniň hasabynda alty duşuşykda dokuz gol bar.

Fransiýaly oýunçynyň iň ýakyn yzarlýjylary «Mançester Sitiň» hüjümçisi Erling Holand we «Galatasaraýyň» hüjümçisi Wiktor Osimhen boldy – olaryň ikisi hem alty gezek tapawutlandy.

Şeýle-de, şu möwsümde Çempionlar ligasynda bäş gezek tapawutlanan futbolçylar:

• ​Gabriel Martinelli («Arsenal»)
• ​Entori Gordon («Nýukasl»)
• ​Garri Keýn («Bawariýa»)