www.jankoyer.com.tm

AFC Cup: «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy «Aşgabat» stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

 

05.10.2023ý.

«Altyn Asyr» bilen «Merw» futbol toparlarynyň AFK-nyň kubogyndaky duşuşyklaryny öz meýdanynda ýagny, «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirer.

AFK-nyň kubogy 2023/24-iň ikinji tapgyrynyň çäginde «Merw» Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparyny kabul eder. «Altyn Asyr» bolsa Täjigistanyň «Rawşany» bilen güýç synanyşar.

Iki toparyň duşuşygy hem şu gün ýagny, 5-nji oktýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçiriler. Şeýle bolansoň «Merw» – «Abdyş-Ata» duşuşygyny 17:00-da, «Altyn Asyr» – «Rawşan» duşuşygyny bolsa 21:00-da başlanar.

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy «Aşgabat» stadionda geçiriljek iki halkara duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer. Şeýle hem sagat 17:00-da başlajak «Merw» – «Abdyş-Ata» duşuşygyny Gyrgyzystanyň «KTRK» teleýaýlymy, 21:00-da başlajak «Altyn Asyr» – «Rawşan» duşuşygyny bolsa Täjigistanyň «Varzish», «Futbol HD» teleýaýlymlary göni ýaýlymda tomaşaçylaryna ýetirerler. «Türkmenistan Sport», «Varzish», «Futbol HD» teleýaýlymlarynyň Türkmenistanda IPTV arkaly elýeterdigini ýatladýarys.


AFK-nyň Kubogy 2023/24: Merkezi zolak, 2-nji tapgyr: 05.10.2023ý.


17:00 | «Merw» (TÜRKMENISTAN) – «Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy)

TV: «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy (Türkmenistan), «KTRK» teleýaýlymy (Gyrgyzystan)


Duşuşygyň emini: Tam Ping Wun (Hytaý)

Kömekçi eminler: So Kai Man, Fok Pong Şing (ikisem Hytaý)

Ätiýaçdaky emin: Ramaçandran Wenkateş (Hindistan)

Gözegçi emin: Khoja Enab Saber (Saud Arabystany)

Duşuşygyň komissary: Tulefat Ýaser Khalil Ebrahim Abdulla (Bahreýn)


21:00 | «Altyn Asyr» (TÜRKMENISTAN) – «Rawşan» (Täjigistan)

TV: «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy (Türkmenistan), «Varzish», «Futbol HD» teleýaýlymlary (Täjigistan)


Duşuşygyň emini: Husseýn Abo Ýehia (Liwan)

Kömekçi eminler: Samer Badr, Ali Fakig (ikisem Liwan)

Ätiýaçdaky emin: Şiýekh Ahmad Alaeddin (Liwan)

Gözegçi emin: Si Thu Win (Mýanma)

Duşuşygyň komissary: Kadhum Auda Lazim Al-Saedi (Yrak)


AFK-nyň Kubogy 2023/24: Merkezi zolak, 1-nji tapgyryň netijeleri: 21.09.2023ý.

«Rawşan» (Täjigistan) – «Merw» (TÜRKMENISTAN) – 0:0

«Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy) – «Altyn Asyr» (TÜRKMENISTAN) – 3:0