Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy aýgytly duşuşygyny geçirer

Aziýa Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “A” toparçasynda ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysy (U23) ilkinji iki duşuşygyny üstünlikli geçirdi.

Ilkinji oýunda Hytaý Taýpeýini 5:1 hasabynda ýeňen ýygyndymyz, ikinji duşuşygyny Butana garşy geçirip, garşydaşyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, toparymyz ilkinji iki oýunda 6 utuk toplady.

Toparçadaky ýagdaý:

1. Iordaniýa U23 – 6 utuk (gol tapawudy 17:0)
2. Türkmenistan U23 – 6 utuk (7:1)
3. Hytaý Taýpeýi U23 – 0 utuk (1:11)
4. Butan U23 – 0 utuk (0:13)

Düzgüne laýyklykda, diňe birinji orny eýelän topar final bölegine gönüden gatnaşýar, ikinji orny eýelänleriň arasynda iň gowy dördüsi hem ýollanma alýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy ikinji orunda bolup, ähli toparçalaryň arasynda ikinji orny eýelänleriň sanawynda 3-nji ýerde ýerleşýär. Bu bolsa toparymyzyň Aziýa Kubogynyň final bölegine çykmak ugrundaky mümkinçiliginiň ýokarydygyny görkezýär.

Indi ýaş futbolçylarymyza täze synag garaşýar. Saýlama tapgyrynyň üçünji duşuşygy 9-njy sentýabrda geçiriler. Toparymyz Iordaniýanyň ýaşlar ýygyndysy bilen "Patyşa Abdylla II" stadionynda duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.

Türkmenistanyň ýygyndysy şu wagta çenli geçiren duşuşyklarynda ýokary netijelilik görkezdi we Aziýa kubogyna gatnaşmak üçin aýgytly duşuşykda çykyş eder.