
La Liga. Habi Alonso awgust aýynyň iň gowy tälimçisi boldy
La Liganyň resmi saýtynda berilen habara görä, «Realyň» baş tälimçisi Habi Alonso Ispaniýanyň çempionatynda awgust aýynyň iň gowy tälimçisi hökmünde yglan edildi.
Madridiň «Realy» möwsümi üç duşuşykda üç ýeňiş bilen başlady. Alonso ýolbaşçylygyndaky klub «Osasunany» 1:0, «Real Owýedony» 3:0 we «Malýorkany» 2:1 hasabynda ýeňmegi başardy.
Bu baýrak üçin «Atletigiň» tälimçisi Ernesto Walwerde hem-de «Espanýol» klubynyň tälimçisi Manolo Gonsales dalaşgär bolupdylar.
La Liganyň 4-nji tapgyrynda «Real» myhmançylykda «Real Sosýedada» garşy çykyş eder. Duşuşyk şenbe güni San-Sebastiýanda geçiriler.