
Bundesliga. "Baýeriň" täze baş tälimçisi – Kasper Ýulmann
Lewerkuzeniň «Baýeri» resmi saýtynda çykyş edip, klubyň täze baş tälimçisiniň Daniýanyň milli ýygyndysynyň öňki tälimçisi Kasper Ýulmann bolandygyny mälim etdi.
53 ýaşly hünärmen bilen 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli şertnama baglaşyldy. Ýulmann bu wezipede geçen hepde wezipesinden boşadylan Erik ten Hagyň ornuny eýeledi. Gollandiyaly tälimçiniň ýolbaşçylygynda «Baýer» diňe üç resmi duşuşyk geçirmäge ýetişipdi.
Ýulmann 2020–2024 ýyllar aralygynda Daniýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etdi. Mundan ozal bolsa «Nordşellannda» we Germaniýanyň «Mainsynda» tälimçi bolup işledi. Ol soňky 6,5 ýylda klublarda tälimçilik etmedi.
Germaniýanyň çempionatynyň 3-nji tapgyrynda «Baýer» 12-nji sentýabrda öz meýdançasynda Frankfurtyň «Aýntrahtyny» kabul eder.