
APL. "Mançester Siti" bilen dawalaşyk tamamlandy
«Mançester Siti» Angliýanyň Premýer-ligasy bilen assosirlenen taraplar (APT) boýunça düzgünler dawalaşygynyň ylalaşyga gelendigini mälim etdi.
Klub ozal liganyň APT düzgünlerini kazyýetde şikaýat edipdi. Sebäbi «Sitiniň» eýeleri bilen baglanyşykly kompaniýanyň hemaýatkärlik şertnamasy ýapylan we bu şertnama "bazaryň adalatly bahasyna laýyk däl" diýlip hasaplanylypdy. 4 ýyl ozal girizilen bu düzgünleriň maksady klubyň eýelerine degişli taraplar bilen adalatsyz şertnamalaryň öňüni almakdy.
Tribunal bu meselede «Mançester Sitiniň» tarapyny tutandan soň, Premýer-liga düzgünlerde üýtgeşme girizdi. Emma klub täze üýtgeşmeleri hem kazyýete şikaýat etmäge synanyşdy. Oktýabrda kazyýet mejlisi bellenen bolsa-da, taraplar bilelikde dawany ýola goýmagy saýladylar.
Resmi beýanatda:
— Bu ylalaşyk APT düzgünleri boýunça «Mançester Siti» bilen Premýer-liganyň arasyndaky dawalaşygy soňuna ýetirdi. Klub hereket edýän düzgünleri resmi taýdan kabul edýär — diýlip bellenildi.