
Garri Keýn milli ýygyndyda iň köp duşuşyk geçiren futbolçylaryň bäşligine girdi
"Livescore" portalynyň ýazmagyna görä, Angliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Garri Keýn milli düzümde 108-nji duşuşygyna gatnaşdy. 32 ýaşly futbolçy Dünýä çempionaty-2026-nyň saýlama tapgyrynda Andorranyň garşysyna geçirilen duşuşygynda doly 90 minut oýnap, netijeli hereket bilen tapawutlanmady. Oýun Birmingemde bolup, 2:0 hasabynda iňlisleriň peýdasyna tamamlandy.
Şeýlelikde, Keýn milli ýygyndynyň taryhynda iň köp duşuşyk geçiren futbolçylaryň bäşligine girdi. Bu sanawda ilkinji orny 125 duşuşyk bilen derwezeçi Piter Şilton eýeleýär. Ondan soňky orunlarda Wein Runi (120), Dewid Bekhem (115) we Stiwen Jerrard (114) ýerleşýärler.
Angliýanyň milli ýygyndysy şu güne çenli saýlama tapgyrda 4 duşuşykda 4 ýeňiş gazanyp, 12 utuk bilen toparçany liderlikde alyp barýar. Keýn bolsa bu tapgyrlarda 3 gol bilen milli ýygyndynyň bombardiri bolup durýar.