La Liga. Tiago Alkantara "Barselona"-nyň tälimçiler toparyna dolanyp gelýär

"Marca" neşiriniň ýazmagyna görä, ozalky futbolçy Tiago Alkantara ýene-de «Barselona»-nyň tälimçiler toparynda Hansi-Diter Fligiň kömekçileriniň biri bolup işlär.

34 ýaşly hünärmen geçen möwsümde hem Fligiň toparynda bolup, öň möwsüme taýýarlyk döwrüni doly klub bilen geçirdi. Ýöne şol wagt ol salgyt borçnamalary sebäpli ýylyň ahyryna çenli Angliýada ýaşamaga mejbur bolany üçin işini dowam etdirip bilmändi.

Alkantara futbolçylyk döwründe «Barselona», «Bawariýa» we «Liwerpul»-da çykyş edipdi. Şeýlelikde, ol tälimçilik ýoly bilen ýene-de öz dogduk klubyna dolanýar.