Ronaldu dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynda Messiden geçdi

Portugaliýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty–2026 saýlama duşuşygynda Ermenistany ýeňdi. Duşuşygyň esasy gahrymany bolsa ýene-de Kriştianu Ronaldu boldy. 40 ýaşly hüjümçi 21-nji we 46-njy minutda derwezäni takyk nyşana aldy we taryhy rekordlaryň üstüne ýene birini goşdy.

Bu gollar Ronaldunyň dünýä çempionatlarynyň saýlama oýunlaryndaky 37-nji we 38-nji gollary boldy. Şunlukda, ol bu görkeziji boýunça iň ýakyn bäsdeşi Lionel Messini yzda goýdy. Argentinaly ýyldyz häzirki wagtda 36 gola eýe.

Ähli döwürleriň rekordy bolsa häzirki wagtda hem Carlos Ruizde galýar. Guatemalaly öňki hüjümçi saýlama duşuşyklarda 39 gezek tapawutlanypdy. Ronaldu bolsa bu görkezijä diňe bir gol galdy we iň ýakyn duşuşyklarda taryhy doly täzeden ýazyp biljekdigini görkezdi.