Transfer. Andre Onana möwsümi "Trabzonspor"-da geçirer

«Mançester Ýunaýted» klubynyň esasy derwezeçisi Andre Onana täze möwsümi Türkiýäniň «Trabzonspor» klubynda kärendesine geçirer. Bu barada futbol boýunça ynamly žurnalist Fabrizio Romano habar berdi.

Maglumata görä, kamerunly derwezeçi bir möwsümlik mugt kärendesine berildi, şertnamada satyn almak hukugy göz öňünde tutulmaýar. Onana täze klubynyň düzümine indiki hepdede goşular.

29 ýaşly derwezeçi geçen möwsüm Premýer ligasynda 34 duşuşykda çykyş edip, 44 gol geçirtdi. Ol «Mançester Ýunaýted» klubyna «Interden» 50,2 million ýewro möçberindäki töleg bilen goşulypdy.

Täze möwsümde «Ýunaýtediň» esasy derwezeçisi hökmünde «Antwerpenden» satyn alnan Senne Lammens çykyş eder.