
La Liga. Markus Reşfordyň Barselonadaky kärendesi sorag astynda
"El Nacional" neşiriniň maglumatyna görä, «Barselona» klubynda Markus Reşfordyň çykyşlary bilen kanagatlanma ýok. Angliýaly hüjümçi diňe üç oýunda çykyş etse-de, ýolbaşçylar onuň peýdasyny görmän başlady. Klubyň prezidenti Žoan Laporta we sport direktory Deku oýunçynyň meýdançada "dogrydäl we ýitirim" görnüşde hereket edýändigini belleýärler.
Eger-de şertnama wagtyndan öň bozulsa, «Barselona» – «Mançester Ýunaýtede» takmynan 4,3 mln funt tölemeli bolar. Şeýle-de bolsa, şertnamadaky 30 mln funtlyk satyn almak hukugy ulanylmazlygy ähtimal. Reşfordyň täze ýyl baýramçylygyna çenli "Old Trafford"-a gaýdyp biljekdigini habar berilýär.
27 ýaşly hüjümçi häzirki wagta çenli täze klubynyň düzüminde üç oýna gatnaşdy we gol hem-de asist bilen tapawutlanyp bilmedi.