
CNC 2025. Rowşen Meredow: "Bu ýaryş bize uly tejribe berdi"
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Rowşen Meredow Omana garşy geçirilen duşuşykdan (1:2) soň duşuşyk barada pikirlerini paýlaşdy.
– Oýunçylaryma sag bolsun aýdýaryn. Biz meýdançada elimizden gelenini etdik. Netijeden has köp meni aladalandyran zat, käbir futbolçylaryň alan şikesleri boldy. Netijä täsir eden köp faktor bardy. Bu ýaryşdaky esasy maksadymyz futbolçylary synap görmekdi. Indi bolsa Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyryna taýýarlyk görmeli – diýip, Meredow aýtdy.
Tälimçi duşuşygyň dowamynda toparyň oýny barada hem giňişleýin çykyş etdi:
– Biziň meýilnamamyzda gol geçirtmek ýokdy, ýöne gol geçirdenimize garamazdan oýun ulgamymyzy üýtgetmedik. Şeýle ýaryşlar bize uly tejribe berýär. Şeýle bäsleşiklere gatnaşmak biziň üçin örän möhüm. Mysal üçin, Oman ýylyň dowamynda birnäçe iri oýunda çykyş etdi. Bize bolsa şeýle duşuşyklar ýetmeýär. Guramaçylara aýratyn sag bolsun aýdýarys. Bu ýaryşyň dowamynda dünýä çempionatyna gatnaşan ýygyndy bilen oýnamak mümkinçiligini aldyk. Üç oýnuň hem barynda erbet oýnamadyk, esasanam Özbegistana garşy hüjümlerimizi guramak başartdy – diýip, milli ýygyndynyň tälimçisi belledi.