Ronaldu bilen Messi dünýä futbolynyň üns merkezinde galdy

Portugaliýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäginde myhmançylykda Armeniýany 5:0 hasabynda utdy. Duşuşygyň ilkinji ýarymynda ýeňşiň ykbaly çözülipdi. Gollary Žoau Feliks (10, 62), Kriştianu Ronaldo (21, 46) we Žoau Kanselu (33) geçirdiler.

Bu duşuşykda Ronaldu ýene-de taryhy pursat ýazdy. Milli ýygyndynyň kapitany iki gol geçirip, ýygyndydaky gol sanyny 140-a ýetirdi. Onuň umumy karýerasyndaky gol sany bolsa 942 boldy. Şeýlelikde, Ronaldu häzirki zaman futbolynyň iň köp gol geçiren oýunçysy hökmünde öňdäki ornuny berk saklaýar.

Şol bir wagtyň özünde, 5-nji sentýabrda Argentinanyň ýyldyzy Lionel Messi hem sahnada boldy. Ol milli ýygyndynyň düzüminde Wenesuelanyň derwezesine 39-njy we 80-nji minutlarda gol geçirip, umumy gol sanyny 879-a ýetirdi. Şolaryň 114-si bolsa milli ýygyndynyň düzüminde.

Bombardirleriň häzirki görkezijileri:

Kriştianu Ronaldu – 942 gol (140 milli ýygyndy)

Lionel Messi – 879 gol (114 milli ýygyndy)

Netijede, Messiniň Ronaldu bilen arasy 63 gola deň. Iki ýyldyzyň bu taryhy bäsleşigi bolsa futbol dünýäsi üçin aýratyn gyzyklanma döretmegini dowam etdirýär.