
TNFL. "Köpetdag" liderligini berk saklaýar
6-njy sentýabrda Aşgabat şäherinde Naýbaşy futzal ligasynyň 13-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Üç duşuşygyň netijesinde «Köpetdag», «Migrasiýa» we «Senagatbank» toparlary ýeňiş gazanyp, hersi 3 utukdan alyp bildi. Geçen 12-nji tapgyrda bolsa hiç bir topar 3 utuk gazanyp bilmediler.
Tapgyryň merkezi duşuşygynda ýaryşyň lideri «Köpetdag» bilen ikinji orny eýeläp gelýän «Ahal» duşuşdy. Gyzykly geçen duşuşykda «Köpetdag» garşydaşyny 5:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Bu ýeňlişden soň «Ahal» ikinji ornuny ýitirdi we 19 utuk bilen üçünji basgançaga düşdi. Onuň ornuny 20 utuk toplan «Senagatbank» eýeledi.
Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda:
«Migrasiýa» – «Deňizçi» 5:2
«Senagatbank» – «TNGIZT» 5:0
Şeýlelikde, «Köpetdag» 31 utuk bilen ýaryşyň liderligini ynamly dowam etdirýär. Ikinji orunda 20 utuk bilen «Senagatbank», üçünji ýerde bolsa 19 utuk bilen «Ahal» ýerleşýär.
Naýbaşy futzal ligasynyň 14–16-njy tapgyrlary Mary welaýatynda geçiriler. 14-nji tapgyryň duşuşyklary 29-njy sentýabrda bolar.
Ýaryş tablisasy:
# | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
1 | KÖPETDAG | 13 | 10 | 1 | 2 | 79-40 | 31 |
2 | SENAGATBANK | 13 | 6 | 2 | 5 | 33-36 | 20 |
3 | AHAL | 13 | 5 | 4 | 4 | 26-24 | 19 |
4 | DEŇIZÇI | 13 | 5 | 3 | 5 | 28-28 | 18 |
5 | MIGRASIÝA | 13 | 4 | 3 | 6 | 25-32 | 15 |
6 | TNGIZT | 13 | 2 | 1 | 10 | 23-54 | 7 |