"Aşgabatda" täze duşuşyk, täze futbolçylar

«Aşgabat» futbol kluby tomusky taýýarlyk döwründe ýoldaşlyk duşuşygyny «Ahalyň» garşysyna geçirdi. "Nusaý" stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahal» 4:0 hasabynda üstün çykdy.

Bu duşuşykda 29 ýaşly derwezeban Rahat Japarow bilen 27 ýaşly ýarymgoragçy Begmyrat Baýow ilkinji gezek «Aşgabadyň» düzüminde meýdana çykdy. Olaryň ikisi hem şol oýunda garşydaşy bolan «Ahaldan» geldi. Japarow milli ýygyndymyzyň düzüminde-de çykyş edýär. Ol ozal Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» klubynda çempion bolup, 2022-nji ýylda ýurduň iň gowy derwezebany diýen ada mynasyp bolupdy. Mundan öň Tajikistanyň «SSKA» klubynda hem oýnap, şol ýerde 2021-nji ýylyň iň gowy derwezebany saýlanypdy.

Täze möwsüm üçin «Aşgabat» klubynyň düzümine goşulan beýleki futbolçylar: 19 ýaşly goragçy Serdar Arjanow («Altyn Asyrdan»), 23 ýaşly hüjümçi Didar Didarow («Köpetdagdan»).

Klubdan aýrylan futbolçylar: 29 ýaşly ýarymgoragçy Bäşim Gurbanberdiýew – «Ahala», 27 ýaşly derwezeban Döwletýar Berdiýew – «Altyn Asyra», 23 ýaşly goragçy Oraz Orazow – «Ahala».

14-nji tapgyryň netijelerine görä, «Ahal» çempionatda 28 utuk bilen ikinji, «Aşgabat» bolsa 11 utuk bilen altynjy orunlarda ýerleşýär.