"Ahal" toparynyň düzüminde üýtgeşmeler
Türkmen futbolynyň güýçli toparlarynyň biri bolan «Ahal» häzirki wagtda Aşgabatda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu taýýarlyk ýygnanyşygynyň esasy maksady – milli çempionatyň üçünji aýlawyna we AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna taýýarlyk görmekdir. Klubyň bu halkara ýaryşdaky garşydaşy – Täjigistanyň «Regar-TADAZ» topary bolup, duşuşyk 13-nji awgustda Täjigistanyň Tursunzoda şäherindäki "TАЛКО" arenada geçiriler.
Şu günler toparyň düzüminde hem uly täzelikler bar. «Ahal» 25 ýaşly goragçy Oraz Ataýew bilen ilkinji gezek professional şertnama baglaşdy. Oraz öň «Lotus Music» mediakomandasynyň düzüminde çykyş edipdi. Ol futbol boýunça öň milli ýygyndylaryň türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşypdy. 2023-nji ýylda baş tälimçi Mergen Orazow, 2020-nji ýylda bolsa horwatiýaly hünärmen Ante Mişe tarapyndan ýygnanyşyklara çagyrylypdy we Kataryň ýaşlar ýygyndysyna garşy dostluk duşuşygyna hem gatnaşypdy.
Mundan başga-da, toparyň düzümine birnäçe täze futbolçy goşuldy: 19 ýaşly hüjümçi Enwer Annaýew («Arkadag» toparyndan kärendesine alyndy), 20 ýaşly hüjümçi Süleýman Mirzoýew, 23 ýaşly goragçy Oraz Orazow (ikisi hem «Aşgabat» toparyndan), 33 ýaşly derwezeban Gurbanmyrat Garaýew, 29 ýaşly ýarymgoragçy Bäşim Gurbanberdiýew (ikisi hem «Şagadam» toparyndan),

Şeýle-de, birnäçe futbolçy beýleki klublara geçdi: 27 ýaşly hüjümçi Begmyrat Baýow «Aşgabat» toparyna, 19 ýaşly ýarymgoragçy Ybraýym Amangeldiýew, 20 ýaşly hüjümçi Gurbanmuhammet Esenow 19 ýaşly derwezeban Seýran Aşyrow (üçüsi hem «Arkadag» toparyna), 22 ýaşly hüjümçi Daýanç Meredow «Köpetdag» toparyna goşuldy.
Çempionatyň ilkinji 14 tapgyryndan soň 28 utuk toplan «Ahal» häzirki wagtda ikinji orunda barýar we öňündäki halkara synaglara çynlakaý taýýarlyk görýär.

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


