Türkmenistanyň U23 ýygyndysy Aziýa Kubogy-2026-nyň saýlama tapgyryna gatnaşar

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy 2026-njy ýylyň 7–25-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystanda geçiriljek U23 Aziýa Kubogy üçin saýlama tapgyrynda çykyş eder. Geçirilen bijä laýyklykda, ýygyndymyz “A” toparçasynda Iordaniýa, Hytaý Taýpeýi we Butan bilen final ýaryşyna gatnaşmak ugrunda bäsleşer.

Toparçanyň duşuşyklary 2025-nji ýylyň 3–9-njy sentýabrynda Iordaniýada merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Türkmen ýygyndysy ilkinji duşuşygyny 3-nji sentýabrda Hytaý Taýpeýine garşy oýnar. 6-njy sentýabrda Butan bilen duşuşyk garaşýar. Jemleýji oýun bolsa 9-njy sentýabrda Iordaniýanyň ýygyndysyna garşy geçiriler.

U23 Aziýa Kubogy-2026-nyň saýlama tapgyryna 44 ýurt gatnaşýar. Toparçalaryň birinji orunlaryny eýelän ýygyndylar, şeýle-de iň gowy netije görkezen 4 ikinji orunyň eýesi bilen bir hatarda ýer eýesi Saud Arabystanyň ýygyndysy final tapgyra gatnaşmaga hukuk alar.

Saýlama tapgyrynda “A” toparçada geçiriljek duşuşyklaryň senenamasy:

1-nji tapgyr (03.09.2025 ý.):

Türkmenistan – Hytaý Taýpeýi

Iordaniýa – Butan

2-nji tapgyr (06.09.2025ý.):

Butan – Türkmenistan

Hytaý Taýpeýi – Iordaniýa

3-nji tapgyr (09.09.2025 ý.):

Hytaý Taýpeýi – Butan

Iordaniýa – Türkmenistan