Türkmenistanly eminler Aziýanyň U23 saýlama oýunlarynda eminlik ederler

2026-njy ýylda Saud Arabystanda geçiriljek ýaşlaryň arasynda Aziýa çempionatynyň (U23) saýlama tapgyrynda türkmenistanly eminleriň ikisine eminlik etmäge mümkinçilik döredildi.

FIFA derejeli emin Resul Mämmedow esasy emin hökmünde, Ahmet Begnazarow bolsa kömekçi emin hökmünde saýlanyldy. Olar “C” toparçanyň çäginde geçiriljek oýunlara eminlik ederler. Bu duşuşyklar 2025-nji ýylyň 3–9-njy sentýabry aralygynda Wýetnamyň Wiet Tri şäherinde geçiriler.

Türkmenistanly eminler bilen bir hatarda bu saýlama tapgyra Indoneziýadan, Koreýa Respublikasyndan, Kuweýtden, Ýaponiýadan, Omandan, Hytaýdan we Eýrandan hem eminler gatnaşar.