
CWC. "Çelsi" finalda! Londonly klub "Fluminense" garşy ýeňiş gazandy
ABŞ-da dowam edýän Klublaryň Dünýä çempionatynda ilkinji finalçy belli boldy. Angliýanyň «Çelsi» kluby braziliýaly «Fluminense» bilen geçirilen duşuşykda 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.
Duşuşyk Nýu-Jersi ştatyndaky "MetLife" stadionynda geçirildi. Oýunda londonlylaryň ähli gollaryny hüjümçi Joao Pedro öz adyna ýazdyrdy.
36-njy minutda «Çelsiniň» goragçysy Trewo Çalobanyň öz jerime meýdançasynda topa eli degdi. Ilki bilen baş emin Fransua Leteksiýe penalty belläpdi. Ýöne "VAR" ulgamynyň aralaşmagyndan soň penalty karary ýatyryldy.
Bu ýeňiş bilen «Çelsi» finala ýol aldy. Ikinji finalçy bolsa çarşenbe güni geçiriljek «Real» (Ispaniýa) bilen «PSŽ» (Fransiýa) klublarynyň arasyndaky oýundan soň belli bolar.