TFF. Transfer möwsümi 28-nji awgustda tamamlanýar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan berlen habarda aýdylmagyna görä, ýurdumyzyň ýokary ligasynda we ýaşlar çempionatynda çykyş edýän futbol klublary üçin tomusky transfer möwsümi 28-nji awgustda öz tamamyna ýetýär.

Şol senä çenli klublar täze futbolçylary düzümlerine goşmak arkaly möwsümiň ikinji ýarymyna taýýarlyk görüp bilerler. Bu seneden soň bolsa, täze futbolçylar bilen şertnama baglaşmaga rugsat berilmeýär.

Tomusky transfer döwri 1-nji iýulda açyldy. Häzirki günlerde toparlar täzelenýän düzüm bilen ikinji ýaryma güýçli ädim ätmäge synanyşýarlar. Transferleriň arasynda ünsleri özüne çekýän resmi geçişler hem boldy:

Ybraýym Amangeldiýew “Ahal” toparyndan “Arkadag” klubyna geçdi;

Gurbanmuhammet Esenow hem “Ahaldan” “Arkadag” toparyna goşuldy.

Şeýle-de, “Ahalyň” ýaş hüjümçisi Daýanç Meredow harby gulluga çagyryldy. Onuň futbol ýoly bilen Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag” toparynda dowam etdirmegine garaşylýar.