CWC. "Fluminense" bilen "Çelsi" final üçin güýç synanyşar

8-nji iýulda ABŞ-nyň Nýu‑Ýork şäherindäki "MetLife" stadionynda futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan duşuşygy geçiriler. Klublaryň Dünýä çempionatynyň 2025-nji ýyldaky ýaryşynyň ýarym finalynda Braziliýanyň «Fluminense» kluby Angliýanyň «Çelsi» kluby bilen duşuşar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 23:59-da başlanar.

«Fluminense» ýarym finala çenli bolan ýolunda “F” toparçasynda ikinji orny eýeläpdi. Braziliýalylar 1/8 finalda Italiýanyň «Inter» klubyny 2:0 hasabynda ýeňip, çärýek finalda Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» klubyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

«Çelsi» bolsa “D” toparçasynda ikinji orny eýeläpdi. 1/8 finalda Portugaliýanyň «Benfika» klubyny goşmaça wagt bilen 4:1 ýeňen London kluby, çärýek finalda Braziliýanyň «Palmeýras» klubyny 2:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy.

32 kluby özünde jemleýän bu Dünýä çempionaty ABŞ-nyň dürli şäherlerinde geçirilýär. Ähli alty yklymdan gatnaşýan klublaryň arasynda geçirilýän bu ýaryşyň finaly 13-nji iýuldan 14-nji iýula geçilýän gije, "MetLife" stadionynda geçiriler.