Transfer. Soňky habarlar (07.07.2025)

Bawariýa resmi taýdan Jamal Musialanyň topugyň töweregindäki süňküniň döwülendigini tassyklady. Kluby onuň doly sagaljak wagty barada maglumat bermese-de, Musialanyň diňe indiki ýylda meýdança dolanmagyna garaşylýar. Bu bolsa, onuň möwsümiň soňyndaky şikesinden soň täze sagalyp başlan wagtyna gabat geldi.


Martin Subimendi indi «Arsenalyň» oýunçysy. London kluby ispaniýaly ýarymgoragçyny «Real Sosiedaddan» 65 million ýewro bilen transfer etdi. 25 ýaşly futbolçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyldy. Subimendi geçen ýyl «Liwerpulyň», şu ýyl bolsa «Realyň» tekliplerinden ýüz öwürdi.


Jeymi Gittens resmi taýdan «Çelsiniň» futbolçysy boldy. «Borussiýadan» gelen 20 ýaşly hüjümçi bilen 2032-nji ýyla çenli şertnama baglaşyldy. Transferiň takyk bahasy mälim edilmese-de, onuň bahasynyň 60 million ýewro bolandygy aýdylýar.


Kaýl Woker karýerasyny «Börnlide» dowam etdirer. «Mançester Siti» tejribeli goragçy üçin 7 million ýewro töleg alar. Woker bilen 2027-nji ýyla çenli şertnama baglaşyldy.


Jonatan Dewid indi «Ýuwentusyň» oýunçysy. «Lilliň» taryhynda iň köp gol geçiren futbolçysy italiýan klubyna erkin agent hökmünde geçdi. Kanadaly hüjümçi bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyldy.


«Milanyň» baş tälimçisi Massimiliano Allegriniň bellemegine görä, Luka Modriç awgustda klub bilen birleşer. Fabrizio Romano bolsa transferiň Klublaryň Dünýä çempionatyndan soň tamamlanjakdygyny habar berýär.


Teo Ernandes Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» klubyna geçýär. «Milan» fransiýaly goragçy üçin 25 million ýewro alar. Ernandes "rossonerilerde" 2019/20 möwsüminden bäri çykyş edip gelýärdi.


Dawide Ançelotti «Botafogonyň» täze baş tälimçisi boldy. Bu onuň tälimçilik karýerasynda ilkinji baş ýolbaşçylyk wezipesi. Dawide Braziliýanyň toparynda işleýän wagty milli ýygyndydaky wezipesini hem dowam etdirer.


Jon Duran möwsümleýin «Fenerbahça» kärendesine berildi. Türkiýäniň kluby 21 ýaşly kolumbiýaly hüjümçiniň doly zähmet hakyny öz boýnuna alar. «Al-Nasr» ony geçen tomus «Aston Willadan» 77 million ýewra satyn alypdy.


Filippe Koutino «Wasko da Gama» klubynyň futbolçysy boldy. Soňky üç ýyly «Aston Willa» klubyna degişli bolan braziliýaly futbolçy, 2023/24 möwsüminiň başyndan bäri meýdança çykmandy. Ol häzirki wagtda 33 ýaşynda.

Mançester Ýunaýtediň bäş futbolçysy klubdan gitmek isleýändigini resmi taýdan habar berdi. Fabrizio Romanonyň habaryna görä, bu futbolçylar: Antoni, Reşford, Sanço, Garnaço we Malasiýa. Bellenişi ýaly, Reşfordyň 10 belgili köýnekçesi täze gelen hüjümçi Kunýa beriljekdigi aýdylýar.