
La Liga. "Owideo" 23 ýyllyk arakesmeden soň gaýdyp geldi
Ispaniýanyň ikinji ligasynyň (Segunda) ýokary liga çykmak ugrunda geçirilýän final duşuşyklarynyň jogap oýnunda «Owideo» kluby öz meýdançasynda «Mirandes» klubyndan üstün çykyp, La Liganyň täze möwsümine gatnaşmak hukugyny gazandy.
Duşuşyk Owideo şäherinde geçirildi we 2:1 hasaby bilen ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Ilki duşuşykda «Mirandes» 1:0 hasaby bilen ýeňiş gazanypdy. Iki duşuşyk boýunça hasap deň bolany üçin ýeňiji goşmaça wagtda kesgitlenildi. Netijede, «Owideonyň» ýeňişini we La Ligadaky arzuwynyň ýerine ýetmegini Fransisko Portillo tarapyndan urulan gol üpjün etdi.
Duşuşykda «Owideonyň» düzüminde 40 ýaşly tejribeli futbolçy Santi Kasorla bilen birlikde Ilýas Şaýir hem tapawutlandy. «Mirandes» klubynyň ýeke-täk goluny Hoakin Paniçelli geçirdi.
Duşuşygyň iň dartgynly pursatlarynyň biri bolsa 120-nji minutda boldy – şol wagtda «Owideonyň» goragçysy Dawid Kostas we «Mirandesiň» oýunçysy Unai Egiluz gyzyl kart bilen meýdançadan çykaryldylar.
Şeýlelikde, «Owideo» 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Ispaniýanyň iň ýokary futbol ligasynda çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Şol wagt toparyň düzüminde russiýaly meşhur goragçy Wiktor Onopko çykyş edýärdi.