La Liga. 30-njy tapgyryň geň galdyryjy ýagdaýy

Ispaniýanyň iň ýokary ligasy bolan La Ligada 30-njy tapgyryň oýunlary geň galdyryjy ýagdaý bilen ýatda galdy. Şu günki güne çenli tapgyrda geçirilen 9 duşuşygyň hiç birinde öý eýesi ýeňiş gazanyp bilmedi. Bu ýagdaý, ýaryşyň taryhynda seýrek duş gelýän wakalaryň biri boldy.

Öýde oýnan klublaryň arasynda «Real Madrid» we «Barselona» ýaly ägirtler hem bar. «Real», öz meýdançasynda «Walensiýa» klubyna garşy geň galdyryjy ýeňlişe sezewar bolup, 1:2 hasaby bilen ýeňildi. «Barselona» bolsa «Betis» bilen duşuşykda diňe deňligi gazanyp, 1:1 hasaby bilen öz tomaşaçylaryny begendirmedi.

Şeýle hem, 6-njy aprelde öý oýunlarynda «Walladolid» uly 0:4 hasap bilen «Hetafedan» ýeňildi, «Sewilýa» bolsa goşmaça wagtda 1:2 hasabynda «Atletiko Madriddan» ýeňildi. Şeýle-de «Raýo Wallekano» 0:4 hasabynda «Espanýoldan», «Las Palmas» 1:3 hasabynda «Real Sosýedaddan», «Žirona» 0:1 hasabynda Alawesden, «Mallorka» bolsa 1:2 hasabynda «Seltadan» ýeňlişe sezewar boldular. «Willarreal» öz öýünde ýeňilmedi, ýöne «Atletik Bilbao» bilen 0-0 hasabynda deňme-deň oýnap, ýeňiş gazanyp hem bilmedi.

Indi ähli umyt soňky duşuşykda – 8-nji aprele geçýän gije geçiriljek «Leganes» – «Osasuna» duşuşygyna galýar. Eger «Leganes» öz meýdançasynda ýeňiş gazanyp bilse, öý eýeleriniň abraýyny halas edip biler. Ýogsa, 30-njy tapgyr La Liganyň taryhyna ähli öý klublarynyň ýeňişsiz galan ýeke-täk tapgyr hökmünde girip biler.