Surat: "Janköýer"

Hoş habar: Aşgabatda «Janköýer» futbol akademiýasy işläp başlaýar

Türkmen futbolyna ýakynlygy bilen gysga döwrüň içinde sport muşdaklarynyň arasynda uly söýgi gazanan «Janköýer» topary sport portaly bilen bilelikde, täze bir tutuma gadam goýýar. «Janköýer» indi FIFA-nyň Futbolyň global ösüşi bölüminiň tehniki bilermeni Röwşen Meredowyň bilim maslahaty esasynda çagalar futbol akademiýasy bolar. Akademiýa öz işini Aşgabat şäherinde alyp barar.

Akademiýa okuwa we türgenlerşiklere 5 ― 13 ýaş aralygyndaky çagalar kabul ediler. Bu ýerde olar tejribeli tälimçileriň we mugallymlaryň ýolbaşçylygynda futbol älemine gadam goýarlar. Akademiýanyň binýadynda dörediljek «Janköýer» futbol topary dürli ýaş derejelerindäki ýaryşlara gatnaşar.

Ata-enelere we futboly söýýän çagalara geljegiň ýyldyzy bolmak üçin ilkinji ädimleri biz bilen ätmäge çagyrýarys. Iş meýilnamasyny FIFA-nyň iň ösen talaplaryna laýyklykda işläp düzen akademiýada çagalar üçin arzuwlarynyň myrady garaşýar.

Akademiýa ýazylmak üçin şu belgiler bilen habarlaşyp bilersiňiz: +99371828442; +99364170817.