Ýewropanyň ýokary ligalarynda gyşky transfer penjiresi ýapyldy

3-nji fewral Ýewropanyň ýokary ligalarynda gyşky transfer penjiresiniň soňky güni boldy. Klublaryň soňky şertnamalary baglaşmak üçin bir güni (hatda käbirleri has az) bardy. Uly klublar, adatça, gyşda gymmat bahaly transfer etmeýärler, ýöne bu gezek hemme zat düýbünden başga boldy. Biz soňky günlerde bolan esasy transferleri belläp geçmek isledik:

«Mançester Siti», Portugaliýanyň «Porto» klubynyň 23 ýaşly ýarymgoragçysyny 60 million ýewro töläp, öz düzümine goşdy. Taraplar 2029-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. Niko «Barselonanyň» akademiýasynyň uçurymy bolandygy sebäpli, bu transferiň 40 göterimi kataloniyaly kluba beriler.

«Tottenhem», 10 million ýewro tölegi bilen möwsümiň ahyryna çenli «Bawariýanyň» 19 ýaşly hüjümçisi Matis Teli kärendesine aldy. Şertnamada 60 million ýewro satyn almak mümkinçiligi bar.

«Atalanta», ady rowaýata öwrülen goragçy Paolo Maldininiň ogly Daniel Maldinini «Monzadan» 13 million ýewra satyn aldy. 23 ýaşly hüjümçi bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýylyň tomsuna çenli dowam edýär.

«Ýuwentusyň» ýarymgoragçysy Artur Melo, möwsümiň ahyryna çenli «Žirona» kärendesine geçdi. Ispan kluby bu kärende üçin 900 müň ýewro tölär. Şertnamada satyn almak mümkinçiligi ýok. 

«Inter», «Romanyň» 23 ýaşly ýarymgoragçysy Nikolo Zalewskini satyn almak mümkinçiligi bilen möwsümiň ahyryna çenli kärendesine aldy. Zalewski «Interde» saglyk barlaglaryndan geçmezden eýýäm birinji oýnuny oýnady. Futbolçy «Milan» (1:1) bilen bolan derbida ätiýaçdan meýdança girip, 14 minut oýnady we 90+3-nji minutda De Wreýiň geçiren goluna asist berip, täze klubyny ýeňilmekden halas etdi.

«Aston Willa» birbada üç futbolçyny düzümine goşdy. Birinjisi «Mançester Ýunaýtediň» 27 ýaşly hüjümçisi Markus Reşford, möwsümiň ahyrynda 48 million ýewro satyn almak mümkinçiligi bilen möwsümiň ahyryna çenli kärendesine alyndy. Şeýle hem, olar «Pari Sen-Žermeniň» 29 ýaşly hüjümçisi Marko Asensiony we «Çelsiniň» 26 ýaşly goragçysy Aksel Disasini satyn almak mümkinçiligi bolmazdan, möwsümiň ahyryna çenli kärendesine aldy.

«Milan» hem öz gezeginde hüjümini we ýarymgoragyny güýçlendirdi. Olar «Feýenoordyň» 23 ýaşly hüjümçisi Santýago Himenesi 35 million ýewro satyn aldy we 2029-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. Şeýle hem, «Çelsiniň» 25 ýaşly hüjümçisi Žoau Feliş üçin 5,5 million ýewro töläp, satyn almak mümkinçiligi bolmazdan möwsümiň ahyryna çenli kärendesine aldy. Mundan başga-da olar «Monzanyň» 21 ýaşly ýarymgoragçysy Worren Bondony 12 million ýewro satyn alyp, 2029-njy ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. «Fiorentinanyň» 25 ýaşly hüjümçisi Rikardo Sottil hem, möwsümiň ahyryna çenli «Milana» kärendesine goşuldy. Şertnamada 10 million ýewro satyn almak mümkinçiligi bar.

«Braýton», «PAOK» klubynyň 19 ýaşly hüjümçisi Stefanos Tsimasy 25 million ýewra satyn aldy. Grek futbolçy häzirki möwsüm Germaniýanyň «Nurnberg» klubynda kärendesine oýnaýar we möwsümiň ahyryna çenli şol klubda galar.

«Galatasaraýyň» 25 ýaşly hüjümçisi Nikolo Dzanýolo, «Atalantadaky» kärendesinden yzyna gaýtarylyp, satyn almak mümkinçiligi bolmazdan möwsümiň ahyryna çenli «Fiorentina» kärendesine geçdi. Şeýle hem, «Fiorentina», «Ýuwentusyň» 23 ýaşly ýarymgoragçysy Nikolo Fajolini, 20 million ýewro satyn almak mümkinçiligi bilen möwsümiň ahyryna çenli kärendesine aldy. 

«Borussiýa Dortmund», «Çelsiniň» 21 ýaşly ýarymgoragçysy Karni Çukwuemekeni, möwsümiň ahyrynda 48 million ýewro satyn almak mümkinçiligi bilen möwsümiň ahyryna çenli kärendesine aldy.

«Nýukaslyň» 26 ýaşly goragçysy Lloýd Kelli, «Ýuwentus» tarapyndan 3,8 million ýewro tölenip, möwsümiň ahyryna çenli kärendesine alyndy. Şertnamada 17,2 million ýewro satyn almak mümkinçiligi bar.

«Marsel», «Milanyň» 27 ýaşly alžirli ýarymgoragçysy Ismael Bennaseri möwsümiň ahyrynda 12 million ýewro satyn almak mümkinçiligi bilen kärendesine aldy. 

«Napoli» hem «Milanyň» 24 ýaşly hüjümçisi Noa Okafory möwsümiň ahyryna çenli kärendesine aldy. Şertnamada 25 million ýewro satyn almak mümkinçiligi bar.

«Çelsiniň» 28 ýaşly çep goragçysy Ben Çilwell, satyn almak şerti bolmazdan şu möwsümiň ahyryna çenli «Kristal Pelasyň» düzüminde kärendesine oýnar.