
Teýmur Çaryýew Gyrgyzystanyň kubogynyň final duşuşygynda tapawutlandy
17.09.2023ý.
Türkmenistanly Teýmur çaryýewiň goly «Abdyşatanyň» Gyrgyzystanyň kubogynyň finalynda ýeňiş gazanmagy üçin ýeterlik bolmady. Topar 32-nji gezek geçirilen final duşuşygynda «Muras Ýunaýtedden» 1:2 hasabynda utuldy.
Final duşuşygynda «Muras Ýunaýted» 21-nji minutda Çingiz Idrisowyň geçiren goly bilen öňe saýlandy. «Abdyşata» bu gola 51-nji minutda türkmenistanly futbolçysy Teýmur Çaryýewiň tapawutlanmagynda jogap berdi. Ýöne «Muras Ýunaýtedde» 67-nji minutda Artýom Serdýuk 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp, toparyna arzyly Kubogy getirdi.
Duşuşyk düýn — 16-njy sentýabrda, Bişkek şäherindäki Dolen Ömruzakow adyndaky stadionda geçirildi.
Final duşuşygynda başdan-aýaga meýdanda bolan Teýmur Çaryýewiň 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem ilkinji goluny geçirendigini ýatladýarys.