www.jankoyer.com.tm

Teýmur Çaryýewiň topary, tälimçisi we topardaşlary şahsy baýraklara eýe boldular

08.12.2024ý.

2024-nji ýylyň futbol möwsüminiň netijelerine esaslanyp, Gyrgyzystanyň Professional futbol ligasy tarapyndan gurnalan baýrak gowşurylyş dabarasy – Red Petroleum KPFL Awards-2024 dabaraly ýagdaýda geçirildi.

KPFL-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu dabarada Gyrgyzystanyň Futbol birleşiginiň ýolbaşçylary, tälimçiler, hemaýatkär we hyzmatdaş guramalaryň wekilleri ýaly köp sanly abraýly myhmanlar gatnaşdy.

Dabaranyň dowamynda oýunçylaryň, tälimçileriň we toparlaryň üstünliklerini şöhlelendirýän dürli ugurlar boýunça baýraklar gowşuryldy.

Baýrak gowşurylyş dabarasynyň ýeňijileri PÝÇL (Premýer Liga) we Milli Liganyň tälimçileriniň, kapitanlarynyň, klub direktorlarynyň, komissarlaryň, inspektorlaryň, Gyrgyzystanyň Futbol Birleşiginiň we KPFL-niň bölümleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de metbugat işgärleriniň ses bermekleriniň netijesinde kesgitlenildi.

Baýraklara mynasyp bolanlaryň arasynda türkmenistanly ýarymgoragçy Teýmur Çaryýewiň topardaşlary hem bar. Ine, olar:

• Premýer Liganyň iň gowy metbugat gullugy: «Abdyş-Ata» FK;

• Premýer Liganyň iň ökde derwezebany: Marsel Islamkulow («Abdyş-Ata» FK);

• Premýer Liganyň bombardiri: Ataý Jumaşew («Abdyş-Ata» FK);

• Premýer Liganyň iň ökde tälimçisi: Islom Ahmedow («Abdyş-Ata» FK);

• Premýer Liganyň iň ökde oýunçysy: Kaýrat Jyrgalbek ogly («Abdyş-Ata» FK).

Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!