
Lamin Ýamal "Golden Boy 2024" baýragyny aldy
28.11.2024ý.
«Barselonanyň» we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Lamin Ýamal, "Golden Boy 2024" baýragyny aldy.
Ispaniýaly hüjümçi Ýewropa gazetlerinden 50 sany abraýly žurnalistden ybarat halkara emin tarapyndan geçirilen ses berişligiň netijelerine esaslanyp, mümkin bolan 500-den 488 bal aldy.
2024-nji ýylda 17 ýaşly Ýamal Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň agzasy hökmünde Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy. Häzirki möwsüm oýunçy ähli ýaryşlarda «Barselonanyň» düzüminde 16 oýun oýnap, 6 gol geçirip, 8 asist berdi.
Şeýlelikde, baýrak soňky dört ýylda üçünji gezek Kataloniýa ugradylýar: 2021-nji ýylda bu baýragy Pedri, 2022-nji ýylda bolsa Gawi aldy.
"Golden Boy" Italiýanyň "Tuttosport" gazeti tarapyndan 2003-nji ýylda esaslandyryldy we her ýyl Ýewropa çempionatlarynyň ýokary bölüminde oýnaýan 21 ýaşa çenli ökde futbolçylara berilýär. Geçen ýyl bu baýragyň eýesi Ispaniýanyň «Real Madridiniň» we Angliýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Jud Bellingem boldy.
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!