https://fft.tj

Yzly-yzyna 11-nji çempionlygyny gazandy

02.11.2024ý.

Täjigistanda Orazsähedowyň ozalky topary çempion

Duşanbe şäheriniň “Istiklol” topary Täjigistanyň çempionatynyň çempiony boldy. Soňky tapgyrda “SSKA Pamir” toparyny 2-1 hasabynda ýeňip, bassyr 11-nji, umumylykda-da 13-nji gezek ýurduň çempionlygyny gazandy. Duşenbänň «Istiklol» kluby, Täjigistanyň 2024-nji ýyldaky çempionatynda geçirilen 20 tapgyrdan soň 48 utuk gazanyp, Ýokary liga toparlarynyň arasynda ýurduň çempiony boldy. Bu «Istiklol» klubynyň taryhynda 13-nji altyn medaly bolup durýar.

Igor Çerçewçenkonyň şägirtleri 17 oýnuň netijesinde 48 utuk toplap, 19 oýunda 37 utugy bolan 2-nji ýerdäki “Hujanddan 11 utuk öňe saýlandy.

Duşenbe şäheriniň kluby mundan ozal 2010, 2011, 2014, 2015, 2016, 2017, 2018, 2019, 2020, 2021, 2022 we 2023-nji ýyllarda hem Täjigistanyň çempiony bolupdy.

Täjigistanyň 2024-nji ýyldaky çempionatynyň galan duşuşyklarynda «Istiklol» Kulýabyň «Rawşan», Farhoryň «Hosilot», Tursunzadeniň «Regar-TedAZ», Hujandyň «Eshata» we Gissaryň «Barkçi» toparlary bilen oýnar.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!