
TÝL. Mihail Titow – sentýabr aýynyň "Iň ökde futbolçysy".
17.10.2024ý.
TÝL-2024: Türkmenistanyň Futbol federasiýasy sentýabr aýynyň iň ökde futbolçysyny yglan etdi.
«Altyn Asyr» futbol klubynyň hüjümçisi Mihail Titow Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan şu möwsümiň sentýabr aýy boýunça «Iň ökde oýunçysy» diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, bu ada «aragatnaşykçylaryň» bassyr ikinji futbolçysy mynasyp boldy. Awgust aýynda ýene şu toparda Röwşengeldi Halmämmedow «Iň gowy oýunçy» diýen ada mynasyp bolupdy.
Mihail Titow geçen aýda Ýokary ligada iki duşuşykda üç gezek tapawutlandy. Onuň çempionatyň şu möwsümindäki umumy gollarynyň sany bolsa 5-e deňdir. Ol bu netije bilen, möwsümde iň kän tapawutlanan oýunçylaryň ilkinji 10-lugyna girýär.
Hut, şu hüjümçiniň janköýerleriň ses bermegi bilen 22-nji tapgyryň iň owadan golunyň eýesi hem bolandygyny ýatladýarys.
Her aýyň iň ökde futbolçysyny yglan etmek Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň täze başlangyçlarynyň ýene-de biridir. Mundan beýläk bu däp her aýyň netijesi boýunça dowam etdiriler.
Çeşme: TFF