
TÝL. "Ahal" 700-nji gezek meýdana çykýar
03.09.2024ý.
«Ahal» Ýokary ligada 700-nji gezek meýdana çykýar
Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Ahal» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynda ýaryşyň lideri – «Arkadag» toparynyň myhmany bolar.
«Janköýeriň» şahsy hasaplamalaryna laýyklykda, bu duşuşyk «Ahalyň» Ýokary ligadaky 700-nji duşuşygy hökmünde taryha girer. Milli çempionatymyzyň taryhynda arakesmeler bilen çykyş eden «Ahal» 32 ýyllyk taryhda 700 duşuşyk geçiren dördünji topar bolar.
Çempionatda iň köp duşuşyk geçiren toparlaryň başyny möwsümlere arakesmesiz gatnaşyp gelýän «Merw» bilen «Nebitçi» çekýär. 22-nji tapgyrda iki topar hem Ýokary ligadaky 908-nji duşuşygyna çykar. Öz meýdanynda «Köpetdagy» kabul etjek «Şagadam» bolsa ertir 843-nji gezek ýaşyl meýdana salam berer.
«Ahaldan» soň 700 duşuşyklyk sepgide iň ýakyn gelen topar paýtagtyň «Köpetdagydyr». Çempionatyň ilkinji 15 möwsüminde juda üstünlikli çykyş eden we ady rowaýata öwrülen «Köpetdag» bilen Ýokary liga 2016-njy ýylda dolanyp gelen «Köpetdag» bilelikde 677 duşuşyk geçirdiler.
22-nji tapgyryň «Arkadag» – «Ahal» duşuşygy ertir ýagny, 4-nji sentýabr güni Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda geçiriler. Duşuşygyň sagat 17:30-da başlanmagyna garaşylýar.
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!