TÝL. JH: Didar Durdyýew möwsümde 20 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy
28.08.2024ý.
«Arkadag» futbol toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew Ýokary liganyň şu möwsüminde garşydaş derwezelere 20 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Şeýlelikde, tejribeli hüjümçi bassyr üç möwsümden bäri 20 we ondan köp gol geçirip bilýär. 2022-nji we 2023-nji ýyllaryň möwsümlerinde-de iň netijeli futbolçy bolmagy başaran hüjümçi bu möwsümleriň ilkinjisinde 27, ikinjisinde bolsa 26 gezek tapawutlanypdy.
Häzir möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda Didar Durdyýew topardaşy Altymyrat Annadurdyýewden iki gol öňde barýar. Üçünji orundaky Begenç Akmämmedow bolsa 13 golda galdy.
Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!

.jpg)
 (2).jpg)

.gif)
.gif)
.gif)


