Transfer. Serdar Azmun "Şabab Al-Ahli" toparyna geçdi

30.07.2024ý.

Germaniýanyň häzirki çempiony «Baýer Lewerkuzeniň» 29 ýaşly eýranly türkmen hüjümçisi Serdar Azmun, Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli» toparynyň düzümine goşuldy. Taraplaryň arasynda gol çekilen şertnama barada maglumatlar häzirlikçe aýan edilmedi. Şol bir wagtyň özünde ynamly žurnalist Fabrizio Romano, Dubaýly topar bu transfer üçin 5 million ýewro töländigini habar berýär.

Geçen möwsüm eýranly futbolçy «Romanyň» düzüminde kärendesine oýnady. Ol bu toparyň düzüminde 29 oýun oýnap, üç gol geçirdi we dört asist berdi. "Transfermarkt" internet portalynyň çaklamagyna görä, Azmunyň häzirki bahasy 8 million ýewro.


Bizi yzarlaň, biziň bilen galyň!