www.jankoyer.com.tm

Serie B. 21 ýyldan soň ýokary liga çykdy

11.05.2024ý.

Italiýanyň 2-nji ligasy “Serie B”-de ýokary liga “Serie A” çykan 2-nji topar “Komo” kluby boldy. Iň soňky tapgyrda, ýagny 38-nji tapgyrda öz meýdançasynda “Kosenza” bilen 1-1 deňme-deň oýnan “Komo” topary 21 ýyldan soň “Serie A”-da çykyş etmäge hukuk gazandy. Mälim bolşy ýaly, “Parma” “Serie B”-de çempionlyk gazanyp, “Serie A”-da çykan ilkinji topar bolupdy.

Sesk Fabregasyň ýolbaşçylygyndaky (doly lisensiýasy ýoklugy sebäpli häzirlikçe tälimçiniň kömekçisi) “Komo” topary soňky gezek 2002/03 möwsüminde “Serie A”-da oýnapdy.

“Serie B”-den ýokary liga çykjak 3-nji topar geçiriljek pleý-off tapgyryndan soň belli bolar. “Serie B”-de 3-4-nji orny eýelän “Wenesiýa” bilen “Kremoneze” toparlary pleý-offuň ýarym finalynda çykyş ederler. “Katanzaro”, “Palermo”, “Sampdoriýa” hem-de “Breşiýa” toparlarynyň 2-si ýarym finala çykar. “Katanzaro” – “Breşiýa” duşuşygynyň ýeňijisi “Kremoneze”, “Sampdoriýa” – “Palermo” duşuşygynyň ýeňijisi-de “Wenesiýa” bilen oýnar. Ýeňiş gazanan 2 topar finalda çykar we finalyň ýeňijisi “Serie A”-da oýnamaga hukuk gazanar.