Neýmar "PSŽ"-a transfer bolanda şikesli eken

23.11.2023ý.

Neýmar 2017-nji ýylyň tomsunda 222 million ýewro bahasyna "PSŽ"-a geçende şikesli eken.

"L'Équipe" gazeti Ispaniýadaky çeşmelere salgylanyp, Neýmar «PSŽ» toparyna geçmezden ozal «Barselonada» oýnaýarka sag aýagynyň bäşinji metatarsal süňki, stressli döwülendigini habar berdi.

Gazet, sport lukmany Erik Rollan bilen maslahatlaşdy. Ol, eger «PSŽ» topary lukmançylyk barlagy wagtynda oýunçynyň şikesini anyklanylan bolsa, onda Neýmary hökman operasiýa edilmeläýmeli diýip pikir etýär. "Emma käwagt stress döwükleri erbetleşmeýär we operasiýa etmek gerek bolmaýar" – diýip lukman belläp geçdi.

Neýmar «PSŽ»-de oýnap ýörkä, sag aýagyndan birnäçe gezek agyr şikes aldy. Birinjisi 2018-nji ýylyň fewral aýynda bolup geçdi. 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Neýmar gaýtadan şol şikesi aldy. Ony 2023-nji ýylyň mart aýynda, 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynda alnan şikes sebäpli, sag aýagyny operasiýa edildi.

Mart aýynda "L'Équipe" Neýmaryň şikesleri azaltmak üçin 2017-nji ýylda operasiýa edilip bilinjekdigini habar berdi, ýöne «PSŽ» bu transferiň gymmatlygy sebäpli operasiýadan ýüz öwürdi.

Häzirki wagtda «Al-Hilal» toparyň futbolçysy çep dyzynyň öň tarapky haç görnüşli bognunyň we meniskiniň üzülendigi sebäpli şikesinden gutulmagy dowam etýär. Ol bu möwsümi sypdyrar.